Блог О пользователеrowshen-jm

Регистрация

Календарь

<< Октябрь 2010  

Пн Вт Ср Чт Пт Сб Вс
1 2 3
4 5 6 7 8 9 10
11 12 13 14 15 16 17
18 19 20 21 22 23 24
25 26 27 28 29 30 31

На странице

  • 12 октября 2010 | 03:43 Bedeniñ gyzgynlygyndan zarýad alýan Nokia 

    Essolawmaleýkim hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Haçandan bäri tehnologiýa hakda blog açman ýördüm. Bu günem ýene Nokia ulanyjylaryna bir super habar ýetireýin diýdim. Internetden iñ soñky tehnologiýa habarlary okap ýörkäm, gulak galdyrýan habara dushdum. Siz bilen paýlashaýyn diýdim: Londonly dizaýner Patrik Haýland Nokia shereketi üçin adamyñ bedeniniñ gyzgynlygyndan zarýad alýan jübi telefonynyñ taslamasyny döretdi. Bu barada www.ecofriend.org saýty habar berýär. Täze Nokia E-Cu jübi telefonynyñ dashy misden ýasalýar. Onuñ arkasy guran topragy ýatladýan nagysh bilen bezelipdir. Telefonyñ içinde termogenerator bar (gyzgynlygy elektrige öwürýän enjam), ol islendik gyzgynlygy eletkrige öwürmäge ukyply bolup, adamyñ bedenindäki ýaly, kän bir ýokary bolmadyk gyzgynlykdan hem peýdalanyp bilýär. Bilermenleriñ aýtmagyna görä, täze telefon öndürilip bashlansa, her ýyl 51 müñ tonna zibiliñ emele gelmeginiñ öñi alnar. Begendirýän ýagdaý bolsa, indi "telefonymyñ zarýady duýdan­syz gutaraýsa näderkäm?!" diýen aladamyz bolmaz. Bu habar Nokianyñ fanlaryny begendirse gerek. Näme diýsegem Nokia jübi telefonlarynda elmydama öñde. S.E, iPhone, Motorola, Samsung, LG, BlackBerry ýene-ýeneler Nokianyñ öñüne hiç-haçan geçip bilmezler diýip pikir edýän. Bu ýerden habary: Türkmençe > http://www.zamantm.com/tm/newsDetail_getNewsById.action?newsId=54095 Rusça > http://infuture.ru/article/3678 Iñlisçe > http://www.ubergizmo.com/15/archives/2010/10/nokia_e-cu_concept_charges_in_your_pants.html Habar hakda pikirleriñi beýan edip bilersiñiz!
  • Men seni ideal hasap edýärdim we häzirem ol idealymdan geçip bilemok, belki sendäki öýke-kine maña garshy sheýle hereketleri etmegiñe täsir edýändir, men häzirem seniñ meni oýnanyña ynanasym gelmeýär, näme üçin men bu gyzjagazy sheýle ýürekden söýdüm emma ol meni tashlady, belki sebäp bardyr, belki ýöneje, ýöne men ýene ynanasym gelenok ol meniñ bilen sheýle etjegine. Gözlerimiñ içine seredeniñde men muny aýdyp bilemok, dilleri ajy gürlesede özi ony isleýärmi? belki meniñ hereketlerimden bu duýga getirendir, ýöne gözýashlaryny göremde men yene añ bilen kalb arasyndaky urshy kalb tarapynda tamamlamaly bolýan… näme uçin? akyl diýýär ahyry: «seni kiçelden, seni ýer bilen ýegsan eden adamyñ öñünde kiçelmek nämä derkar», ýöne kalba ynandyryp bolýarmy bu eýjejik zadyñ perishde däldigini. Ýöne men ýene ynanasym gelenok, ýagýar ýagysh, gözlerde ol ýashlar, ýatlamada ol günler… bu günlerde iñ ejiz we belki iñ mert wagtlarym menden sabr islemek, belki ol güýç meni öz içimde paralaýandyr, içimden çykarmagymy gadagan etseler men ýarylyp barýan, belki bu duýgy öñem bolandyr. Ömürlik söýgi bar, ýöne bu duýgy olardanam beterräk ahyry, samsyklyk däl düshün maña!, öz-özüñ bilen ömürboýy urshup gezmek bendeligine buýurmak? agyr jeza barmydy bashga… ýöne oñmaýar ýürek sensiz, eýläk-beýläk etsemde, düshündirmek kyn maña ýöne bu sheýle. Bu günler geçer emma duýgy galar, ony dashymdan öldürseñde, içimde elmydama her ýerde bolar, ýürek eger çyndan söýse, ejizlemek diýip gülünsede, ýürekdäki zat biderek diýselerde, Mezhnun deý däli diýip barmak çommaltsalarda, gün geler, shonda diýerler, bu söýgiñ nähili ajaýypdygyny, gün geler shonda her kim ýalñyshandygyny biler, gün geler shonda bu pany dünýäniñ diñe ish, ýash, görkemlik, pul, tire-taýpadan bashgada Söýgi gözelliginiñ bardygyny. Belki ol gün, men gidemden soñ geler, emma geler, shonda meniñ bu ajaýyp duýgyma häzirki wagtdaky ýaly aýak bilen depgilemän, meniñ topragyma elleri bilen gül dessesini goýar… Copyright © Rowshen-Jm 01.10.2010
  • Essolawmaleýkim mähriban agzalar we hormatly myhmanlar! Bu günki etjek gürrüñim hoz hakda. Soñky döwür beýnimiñ ýatkeshligi gaty pese düshipdir weli 1 hepde mundan öñ tanyshan adamymy bu günki gün tanamaýan. Dura-baka mundanam beter «pese düsher» diýip gorkdym, soñ bu ýagdaýdan çykalga gözläp bashladym. Öýümize saglyk zhurnaly gelýänem bir gowy zat, 8 aýky sanynyñ dörüp, özüme gerek informasiýany tapyp bilmedim. Ýöne «Hoz hakda» ojuk-bujuk maglumatlar ýazylan sahypasyny tapdym(häzir ashakada ýerleshdirerin). Gaty gaharym gelip Google daýza günüm düshdi. Bir topar «hoz ýatkeshligiñi gowulandyrar!» ýaly saglyk makalalaryny, lukmanlaryñ maslahatlaryny çykaryp öñüme tashlady. Ýatkeshligi pes adamlara peýdasy deger diýip umyt edýän(google daýzanyñ maslahatlaryndan) : Men's Health-самые полезные продукты для мужчин Самые полезные орехи Что есть, чтобы улучшить память? Как улучшить память — Medkurs.ru — медицинский сервер Ashakdaky goýjaklarymy «Saglyk» zhurnaly maslahat berýä(ýatkeshlik hakda däl, ýöne hozuñ köp peýdalary hakda aýdylypdyr. maña peýdasy degmesede size deger diýip goýýan!) : Dermanlyk taýýarlanylyshy hem ulanylyshy: Hozuñ 1 nahar çemçe (15g) garadylan ownuk ýapragyny 1 bulgur (200 ml) suwa atyp, 30—40 minut saklamaly, hasada süzmeli. Jöwheri her gün 4 gezek 1 nahar çemçeden içmeli. ***** Agajyñ 3—5 nahar çemçe (45—75 g) gury owradylan ýapragyny ýarym litr (500 ml) suwa atyp, içi syrçaly gapda haýal ýanýan otda gaýnatmaly. Hasada geçirip, deri kesellerinde, iriñli ýaralarda ýapgy ýa-da çalgy görnüshinde haýyrlanmaly. ***** Hozuñ 1—2 çaý çemçe (5—10 g) ýapragyny 1 bulgur (200 ml) gaýnag suwa demlemeli. Sowadyp hasada süzmeli. Içgeçmede, aterosklerozda her gün 3—4 gezek ýarym bulgurdan (100 ml) kabul etmeli. ***** 1 nahar çemçe (15 g) owradylan ýapragy 1 bulgur (200 ml) gaýnag suwa demlemeli. Jöwheri süzmeli. Sowandan soñ çagalara her gün 3 sapar nahardan öñ 1—2 çaý çemçeden (5—10 g) içirmeli. ***** Ösümligiñ 1 nahar çemçe owradylan gury ýapraklaryny ýarym bulgur (100 ml) «günebakar» ýagy bilen garmaly. Agzy ykjam ýapylýan aýna gapda bir hepde saklamaly. Arasynda bulap durmaly. Soñra ony suw wannasynda üç sagatlap gaýnatmaly. Iki gezek hasada süzmeli. Ýene 30 minut gaýnatmaly. Soñra 15 g ary mumyny goshmaly we tä sowaýança garyshdyryp durmaly. Derman ýaralara we çybanlara ýygy-ýygydan ýapylýar. ***** Hozuñ 1 kg ter ýa-da guradylan ýapraklaryny 10 litr suwa atyp, agzy mäkäm ýapykýan gapda pessaý otda 30 minut gaýnatmaly. Taýýar bolan pet bilet iriñli dömme çishlerine ýolugan çagalaryñ, mäzleriñ limfatik kesellerine uçran syrkawlaryñ endamyny ýuwmaly. ***** Gök hozlary ýygnap, üweýjiden geçirmeli. Deñ möçberde arybalyny goshup, agzy ykjam ýapylýan aýna gapda garañky ýerde 37 günläp goýmaly. Bu dermany günüñ dowamynda 4 gezek nahardan öñ 1 çaý çemçeden (5 g) içmeli. Bejerish möhleti — 4 aý. ***** Üwelen hozlary zeýtun ýagy bilen goshup, agzy berk ýapylýan gapda 40 gün Gün düshýän ýerde saklamaly. Taýýar bolan emligi süzmeli. Her gün irden we agsham wena gan damarlarynyñ çishen ýerlerine tä syrkaw doly gutulýança çalmaly. Ýatkeshligiñiz has pese düshen wagtlary näme bilen öñüni alýañyz ?
  • Salam agzybir agzalar we okaýjy myhmanlar!. Ýagdaýlaryñyz gowudyra? :-) Menem asda-ýuwash, gowy. Bu gün ýene iPhone 4 barada sizler bilen birtopar pikir alyshasym geldi.



    iPhone4-üň antenasynyň duran çüňkini tutanlar, signalyň ýitýändigini aýdýarlar. Apple-yň müdüri Jobs bolsa çözüm teklip etdi: «Telefony şonuň ýaly edip tutmaň…»

    Apple-yň döreden täze nesil iPhone telefony çykarylandan bir gün soň, ulanyjylary tarapyndan kemçilikleri tapyldy. Telefony satyn alan ýüzlerçe
    adam, telefony çep ellerinde tutanlarynda, signalyň birden
    ýitendigini gördüler.
    Tehnologiýa web sahyplarynda
    we forumlarynda kemçilikler barada gürrüňdeşlikler başlady.
    YouTube-a telefonuň
    kemçiliklerini görkezýän
    wideolar goýulup başlandy.



    Apple-iň müdüri Steve Jobbs
    telefonyň kemçiliklerine
    zeýrenýän ulanyjylara özi jogap
    berdi. «Her guralyň kem tarapy
    bardyr»
    diýen Steve Jobbs, iň
    soňunda ulanyjalara şeýle çözüm
    teklip etdi: «Siz telefony şonuň
    ýaly tutmaň…»
    Apple, telefonyň
    anteninyň çep tarapda
    aşakdadygyny we şondan ýaňa
    problema çykýandygyny aýtdy.

    Bu habary inernethabar.com
    -da okadym. Habary has düshnükli bolar ýaly özleshdirdim. Näme indi iPhone 4-i çep elimizde tutmaly dälmikä? Ondanam bir zat bormaý. Her gezek Stiw Jobs-yñ öndürýän önümlerinden kemçilik tapylýa. Munuñ düýp sebäbi nämekä? Meniñä indi asyl «iPhone» diýseler birhili elim sowap bashlaýa. Eýsem iPhone-yñ beýlekilerden dag ýaly üýtgeshikleri barmy? Özümä ulanyp gören zadyma däl. Stiw Jobs-yñ iPhone ulanyjylaryna aýdan çözgüdine gülkim tutdy. Näme ulanýanlar indi postoýanno sag elinde tutup ulanmaly bolarmyka? Çep elde tutsañ signal ýitýämish :D. Nämçin gelip-gelip diñe Apple-iñ önümleri kemli çykýaka? Meselem Nokia ýa Sony Ericsson kem tapanoklar? Agzalar shu soraglara jogap tapylsa ashakda jogaplamagyza garashýan :). Sizem men ýaly içiñizde saklap ýören Aplle sherekedi barada soraglaryñyz bolsa ýazyweriñ! Boldugyndan bilelikde jogap tapjak bolarys… :)

    Copyright © Rowshen-Jm 07.23.2010

    Теги: stiw jobs iphone apple

  • 24 сентября 2010 | 18:29 Gmail-de gol(подпись) üýtgetmek 

    Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!. Ýagdaýlaryñyz gowumy?! siz «gowy» bolsañyz menem saýañyzda gowy.































    Bilshimiz ýaly Google özüniñ özgerishmeleri bilen internet ulanyjylaryñ üns merkezinden düshenok. Google mail serwisiniñ



    ulanyjylarynyñ garashan we Gmail



    serwisden soran zatlary boldy. Öndürijiler ahyr soñy hatlarda öz



    gollaryny WYSIWYG-redaktorda üýtgetmäne mümkinçilik döretdiler.
































    Egerde siz jogap bermek üçin



    birnäçe adres ulanýan bolsañyz,



    onda sizde sholaryñ her birini



    üýtgeshik gol goýmana



    mümkinçiligiñiz dörär.































    Bu mümkinçilik bilen Gmail ulanyjylary öz Gmail sahypasynda



    «sazlama» (настройка) bölüminde



    üýtgedip we ulanyp bilerler.







    Okanyñyz üçin sagboluñ! :)





    Copyright © Rowshen-Jm(tm 03:00) Mähri(bl 01:00) 10.07.2010
  • 24 сентября 2010 | 12:57 Äýneksiz, 3D telewizoryñ taslamasy düzüldi 

    Salam hormatly agzalar we içerik girmän, penjireden seredýän gadyrly myhmanlar!. Öñ 3D Telewizorlar çykypdy. Olary äýnekli tomasha edýädik. Bu gezek has üýtgeshik bolan äýneksiz Diomedes telelewizoryñ Türk professory tarapyndan taslamasy oýlanylyp tapyldy. Indi siz bu tvda äýneksiz hem 3D görüp bilersiñiz. Ashakda giñishleýin düshündirilendir:











    Dünýä çempionatynyñ bashlanmagynyñ öñüsyrasynda türk hünärmenleriniñ oýlap tapan täzeligi hemmeleri haýran galdyrdy.











    Diomedes 3D:


















































































    Entek kän bir ýaýbañlanmadyk





    3D telewizorlary görmek





    üçin ýörite äýnek dakynmaly bolýardy. Täze öndürilen telewizora tomasha etmek üçin bolsa hiç-hili äýnek hökman däl. Diomedes





    atly bu telewizor 3D öwüshgünleri iki esse has dury görkezýär. Taslamany Türkiýäniñ Koç uniwersitetiniñ inzhenerçilik fakultetiniñ dekany professor, doktor Murat Tekalp alyp barýar. Tekalp bu önümi öndürmek üçin





    dört ýyllap zähmet siñdirendiklerini aýdýar.





    Kelle agyrysyz tomasha ediñ





    Professor ishi barada sheýle diýýär:











    Murat Tekalp:























    "Häzirki wagtda müshderilere





    hödürlenýän 3D ekranlara





    diñe ýörite äýnek arkaly tomasha





    edip bolýar. Biziñ öndüren telewizorymyzda 2D shekile goshmaça 3D internet arasyndan ekrana goýberilýär. Sheýlelikde tomashaçy shekili 3D





    görnüshde görýär. Äýneksiz tomasha edilensoñ kelle agyry we beýleki saglyk meseleleri ýüze çykmaýar".


  • 24 сентября 2010 | 12:48 Volkswagen Phaeton 2011 

    Salam hormatly agzalar we myhmanlar!.

    Volkswagen 2011 Phaeton awtoulagynda özüne ünsi çekýän birnäçe aýratynlyk bar.

    Phaeton ulagy Google Maps ulgamy bilen gönüden-göni maglumat alýan dünýäniň ilkinji awtoulagydyr. Ýagny, soñky çykýan ulaglaryñ köpüsinde bar bolan GPS ulgamy bu ulagda hem bar, ýöne shereket GPS tehnolgiýasyny, Google Maps ulgamyndaky emeli hemradan alynýan suratlary hem-de öýjükli telefon

    operatorlaryndan gelýän maglumatlary birikdirmek arkaly täsin ulgam döretdi. Sheýlelikde, ulagyñyzdan çykman, shäherdäki dükanlaryñ, otelleriñ ýa-da döwlet

    edaralarynyñ ýerlerinden habardar bolýarsyñyz, hatda teatrlarda haýsy oýunlaryň görkeziljek­

    diginem bilersiñiz.














    Ulagyñ gapdalky aýnalarynda

    ýerleshdirilen kameralar bolsa ýoldaky «tizlik sagatda 50 km çäkli», «bir taraply hereket», «geçmek bolmaýar» ýa-da «durmak

    bolmaýar» ýaly belgileri
    tanaýar hem-de size habar berýär.

    Dynamic Light Assist tehnologiýasy arkaly bolsa, ýörite kamera

    ulagyñ öñünde bashga bir ulagyñ barlygyny-ýoklugyny anyklaýar we eger-de, ulag bar bolsa, onda çyralaryñ ýagtylygy awtomatik

    usulda peseldilýär.
    Awtoulagy hakykatdanam, shereketiñ

    "fahrvergnügen" ("sürmekden lezzet al") shygaryny doly ýerine ýetirýär.

    Özleshdiren: Rowshen-Jm

    Теги: mashyn täzelik google

  • 24 сентября 2010 | 12:35 Hekaýa (rap lirikasy) 

    Salam hormatly agzalar we myhmanlar!. Düýn bir dostum bilen aýdym eshdip otyrdyk weli birden dostumyñ telefonundan göwne ýakyjy rap eshdilip ugrady menem o rap-i özüme geçirip aldymda siz bilen lirikasyny paýlashaýyn diýdim (aýdymyñ link-ini bilemok men bluetooth-dan geçirdim). Aýdymda ýagny bu rap-de her kim öz etmishlerine öñi-soñy jogap okomaly diýen manyny berýär.



    Dostlar üýshüñ!!!…

    Dostlar üýshüñ aýdyp berjek size hekaýa.

    Ol gyzy bilýäñiz, oña diýýäñiz «zaýa».

    Habaryñyz ýok üstünden gülýäñiz. Men oña shaýat ýöne maña ynanmaýañyz.

    Ol gyz garyp öýden kakasy narkoman ýöne ol örän akylly hemem örän owodan.

    Bir baý klasdashy doglan gününe çagyrdy.

    Gyz barja bolan puluna oña sowgat alyp berdi.

    Dostlarynyñ öýüne gelýä o taýda dört oglan.

    Biri hanyñ ogly beýlekisi Mersedes bilen.

    O gyzy içirýäler agzyna arak guýýalar.

    Olam ýok diýip bilmän hemme görýänlere.

    Gyz içip bilmän tualeta ylgap gusýa.

    Oglanlar gapydan seredip üstünden gülýä.

    Gyzyñ gözleri ýumulýa ol uklap barýa.

    Oglanlar ony krawadyñ üstüne geçirýä.

    Pahyrjak gyza soñ herkim bir-birden g******ä.

    Gyzyñ gygyrmak usuly ýok ol ýassygy dishleýä.

    16 ýashynda gözleri ýagmyr ýaly.

    Taksa oturdýalar, öýüne barar ýaly.

    Ertesi gün kakasy bilen arza ýazýa.

    Ýöne melise arzasyny ýyrtyp goýýa.

    «Ol patsanlara degip bolmaz olar akylly.

    Akylly bolmasada uly olañ kakasy.»

    Gyzyñ ýüregine pyçak sokuldy namçün?. Pahany pul alýa oglanlardan neshe üçin.

    Soñam gujaklap diýen bolýa öz gyzyna «bolýala gyzym beýle erbet däl eken ol oglanlar».

    O gyz «bolýa kaka» diýip wagtyna garashýa.

    Hudaý ýokardan bolsa hemme zady görýä.

    Birnäçe wagt geçýä, günler sowulýa.

    Patsansañ biri awariýada aýagyny ýyrtdyrýa.

    Ikinjisi dashary ýurtda spit bilen kesel bolýa, Näme derman içsede soñra ýok bolýa.

    Üçinjisi bolsa özüne aýal edinýä, çagalary bolanok patsanyñ gahary gelýä.

    Dördünjisi bolsa mesräp neshekesh boldy.

    Soñra ol on alty ýyllyk türmä basyldy.

    Her kim öz paýyny alypdyr bu durmushda.

    Ol gyz bolsa ýakynda çykypdyr durmusha.

    Olañ iki sany owodan çagasy bar.

    Her tomus gidýäler dynç almaga Antalýa.

    Ol gyz örän bagtly onuñ aladasy ýok.

    Ýöne gijeler oýa, ol uklap bilenok.

    Bu durmushda bolýan zat, geñ galara zat ýok.

    Bulary ýönekeý ýerden düzüp goýamok…

    MVP — Hekaýa



    Aýal mashgala biziñ Enämiz. Aýal mashgala biziñ Ejemiz. Aýal mashgala biziñ uýalarmyz, gyz doganlarmyz, gyz jigilermiz, geljekki çagalaryñ eneleri. Olary elimiziñ aýasynda aýap saklalyñ!…

    Özleshdiren: Rowshen-Jm

    Теги: rap music

  • 24 сентября 2010 | 12:26 Google TV tizden efirde 

    Salam hormatly agzalar we myhmanlar!. Bu gezekki habar hasam betinden.


    Teleýaýlymlar bilen internet ýaýlymlaryny we hyzmatlaryny birleshdirmegi maksat edinýän internet gözleg saýty bolan Google


    güýz aýlarynda "Google TV" atly


    teleýaýlymy tomashaçylara hödürlemäge bashlar.





    Akylly telewizorlar arkaly tomashaçylara ýetiriljek ýaýlymda Google-daky wideo shekillere ýetiriler. Internete baglanmaga mümkinçilik döredýän bu telewizorlar arkaly adaty teleýaýlymlara hem tomasha etmek mümkin. Shereketiñ Sony, Intel we Logitech ýaly shereketler bilen hyzmatdashlykda döredýän bu meýilnamasy bilen internet we telewizor bir ekranda görlüp bilner. Logitech shereketi uzakdan dolandyrylýan pulty we geçirijisiz klawiaturasyny öndürer. Soñky wagtlarda ýokary geçirijiligi bolan internetiñ hyzmatlarynyñ artmagy bilen internetde wideo shekilleriñ ýaýlymy hem ýaýbañlanyp bashlady.











    Shereket geçen ýylda jemi 34 milliard dollar girdeji gazandy. Munuñ köp mukdaryny bildirishler emele getirýär. Täze telewizorlarda internetdäki ýaýlymlar bilen adaty ýaýlymlary çalyshmak ishini tiz wagtda ýerine ýetirip bolýar. Sheýlelikde, internetiñ beýleki mümkinçiliklerinden hem añsatlyk bilen peýdalanmak mümkin. Sheýle hem oýun oýnamak bolar.


    Özleshdiren: ..:::Rowshen-Jm:::..


  • 24 сентября 2010 | 12:19 5—6 ýyldan öndürilip bashlanjak kompýuter 

    Salam hormatly agzalar we myhmanlar!. Gowumysyñyzlar?! Sizler gowy bolsañyz menem siziñ saýañyzda asda-ýuwash gowy. Ýañy täzelikleri okap ýörkäm has geñ täzeligi okap gulagym galdy :). Siz bilen paýlashaýyn diýdim:

    Adaty kompýuter ulanyjylarynyñ pikirlerine bilermenleriñ beren jogaby bolsa örän täsin: "Bol­majak zat däl!". Üstesine-de eýýämden sheýle taslama bar. Onuñ ady "HOLO 2,0»



    www.tuvie.com saýtynda geçirlen pikir sorashygynda 2015-nji

    ýylyñ adaty kompýuteriniñ nähili boljakdygy barada sorashyk ge­çirildi. Sorashykda bu kompýuteriñ örän kiçi, jübide ýa-da goshar­da göterilmäge ukyply, dashky

    gurshawa zyýansyz energiýa çeshmesinden iýmitlenmelidigi, golografiki ekrana eýýe bolmalydygy hem-de 24 sagat internete çatylan bolmalydygy anyklandy.



    Bu kompýuter gosharda göteriler

    hem-de gerek bolan ýagdaýynda

    onuñ sheklini üýtgetmegem diýseñ añsat bolar. "HOLO 2,0"

    kompýuteriniñ batareýasyna zarýad bermek üçin ýöremek doly

    ýeterlikli bolar, sebäbi bu enjam

    adam ýöräninde emele gelen kinetiki energiýany elektrik energiýasyna öwürmäge ukyplydyr.




    Kompýuter duýgur golografiki

    ekran bilen üpjün ediler hem-de

    komýuteriñ özüniñ uzynlygy

    140 mm., ini 25 mm. galyñlygy

    bolsa 2,5—10 mm. aralygynda bo­lar.




    Kompýuteriñ ýany bilen satyljak

    dok-bekedi (Dock-station) arkaly bolsa ony giñ ekranly, doly

    funksiýaly kompýutere öwürmek bolar.
    Ýöne haýran galdyrýan tarapy agzalan dok-bekedi

    bolmasada onuñ häzirki wagtda

    ulanylýan notbuklaryñ funksiýalary doly eýýe boljakdygydyr.

    Özleshdiren: ..:::Rowshen-Jm:::..

    Теги: tehnologiýa pc nano

  • 24 сентября 2010 | 12:15 Nokia № 8 (beta) 

    Salam hormatly agzalar we myhmanlar!
    Nokia-nyñ soñky smartfony
    № 8-iñ ilkinji nusgalary Russiýa­da peýda boldy.

    Häzirlikçe beta (ýagny, shu wagtky görnüshi enjamyñ satyl­jak görnüshi bolman, diñe müshderileriñ pikirlerini añmak üçin ýasa­lan görnüshi) bolan bu telefondaky tehnologiýalar bäsdeshleriniñkide ýok tehnologiýalar bolmasada, bu tehnologiýalar bir telefonda jemlenip, "shu zat hem bolaýsady" diýdirmeýär. Smartfonyñ 12 megapiksellik kamerasy (optikasy "Carl Zeiss"), 3,5 dýuýmlyk (takmynan 8,75 sm) duýgur ekrany, "HDMI" wideo "OUT" (telewizora signal bermek), 16 GB-lik ýady hem-de goshmaça ýat dakmak üçin microSD ýeri, "HD" hilli wideo düshürmek ukyby, Ovi Store programmalaryndan hem-de Ovi Maps programmasyndan peýdalanmak mümkin­çiligi we "Symbian 3" operasion ulgamy bar.
    № 8-de ekrany birnäçe kiçeñräk ekrana bölmek mümkinçiligi bolup, bu ekranlarda islän programmalaryñyzy açyk saklap bilersiñiz. Smartfon birnäçe programmany bilelikde ishletmäge ukyply hem-de duýgur ekrany bilermenleriñ aýtmagyna görä, shu kysymly ekranlaryñ naýbashysy hasaplanýan iPhone-niñkiden yza galarlykly däldir. Üstesine-de, bu telefon üçin programma ýazmak isleýänlere köpden bäri garashylýan "Qt" programma ýazmak gurshawy mugtuna berilýär.
    Telefon shu ýylyñ 3-nji çärýeginde 494 dollardan 5 görnüshde satylyp bashlanar.
  • Salam hormatly agzalar we myhmanlar!. Shu gün ýenede kompýuter barada gürrüñ edip, siziñ kelläñizi agyrdaýyn diýdim :).
    Eger-de, kompýuteri diñe Inter­nete girmek, e-poçta okamak ýada hat ýazmak ýaly agyr bol­madyk ishler üçin ulanmak isleýän
    bolsañyz, 300—350 dollarlyk
    kompýuter ýeterlikli bolýar.

    Ýöne öýüñize almak isleýän
    kompýuteriñize has agramly ish­leri etdirmek ýa-da onda soñky
    çykan oýunlary oýnamak islese­ñiz, üns berilmeli birnäçe zat bar.
    Ynha, www.ehow.com saýtynda
    güýçli kompýuter almak isleýän­lere berilýän maslahatlar:
    Gerekli zatlar:
    1) Prosessor hem-de sowadyjy.
    2) Wideo kartoçka.
    3) Ses kartoçka.
    4) RAM (wagtlaýyn ýat).
    5) Esasy karta (motherboard).
    6) Gaty disk (2 sany).
    7) Kompýuteriñ dashy (kassa).
    8) Windows XP, Windows Vis­ta ýada Windows 7 (Windows 7 maslahat berýän :)) diski.

    Ilki bilen güýçli prosessor aljak
    boluñ, Intel-iñ E8500 ýaly
    200 dollardan arzan prosessor
    bolup biler.

    Wideo karta alany­ñyzda, onuñ ýadynyñ 1 GB-den
    az bolanyny almajak boluñ. Ses
    kartoçkasyny bolsa "7+1" bola­nyny saýlajak boluñ. Kompýuteri­ñize oturtjak RAM-yñyz 3 GB-den
    köp bolsun. Esasy kartany saýla­nyñyzda, 16 GB ýa-da 3 GB çenli
    RAM-leri ishledip bilýänlerini aljak
    boluñ.

    Gaty disklerden 2 sanysyny alyñ.
    Biri 80 ýa-da 120 GB, beýlekisi
    bolsa 500 GB — 2 TB arasynda bo­lanynda, aljak boluñ.
    Sebäbi Win­dows operasion ulgamyna aýra­tyn gaty disk berseñiz hem kompýuteriñiz tiz ishlär hem-de
    Windows çökäýen ýagdaýyn­da hem maglumatlaryñyz ýitmez. Ikinji gaty diskiñ 500 GB — 2
    TB arasynda saýlanylmalygynyñ
    sebäbi bolsa, bu diski maglumat­laryñyzy saklamak üçin ulanarsy­ñyz we bu göwrüm size arkaýyn
    3 ýyla golaý doly ýeterlikli bolar.
    Kompýutere dash alanyñyzda, uluragyndan aljak boluñ. Soñ kompýuteriñize bashga apparatlary
    hem oturtmak isleseñiz, ýer ýet­män durmasyn.
    Basharsañyz, Windows XP ýada Windows Vista ulgamlary­ny ulanmajak boluñ. Sebäbi, biler­menleriñ aýtmagyna görä, Win­dows 7 operasion ulgamy
    Microsoft shereketiniñ häzire
    çenli ishläp ýasan iñ kämil hem-de
    rahat operasion ulgamy bolup
    durýar.


    Soñlugy bilen aýtsak, täze komp­ýuter alanyñyzda, ony haýsy
    maksat bilen alýanyñyzy öñün­den kesgitlejek boluñ. Kompýute­re etdirjek ishleriñiziñ agyrlygyna görä kompýuter alyñ. Elbetde, diñe Microsoft Office
    programmalar toplumyny ishlet­mäge niýetlenen kompýuter bi­len Adobe Premiere hem-de
    AutoCAD programmalaryny ishletmäge niýetlenen kompýuter
    meñzesh däldir.
    Gyzyklanyp okanyñyz üçin sagja boluñ!
  • 24 сентября 2010 | 12:09 Kompýuteriñ tizligi nämä bagly? 

    Salam hormatly agzalar we myhmanlar!


    «Kompýuterim haýallady welin, nämedenkä?» diýilýän soraga sada jogap bermek mümkin däl. Sebäbi, kompýuteriñ tizligi oña tabshyrýan ishiñiziñ «agyrlygyna» bagly bolanlygy zerarlydyr. Mysal üçin, oýun oýnalanda, haýal ishleýän kompýuter bashga ishleri ýerine ýetirende örän tiz ishläp bilýär. Shonuñ üçin soragyñ jogabyny azajyk çylshyrymlashdyrmaly bolýar.


    Haýsy hem bolsa kompýuterde tizlige täsir edip biljek 4 komponent bar. Olar «RAM» (wagtlaýyn ýat), gaty disk, prosessor hem-de wideo karta.





    1) Kompýuterde wagtlaýyn ýadyñ maksady, adyndan hem belli bolshy ýaly, garalama wezipesini ýerine ýetirmekdir. Ýagny, «RAM» gaty diskden ençeme esse çalt ishleýär. Shonuñ üçin programmalar ishledilende, maglumatlaryny «RAM»-a ýazýarlar. Eger-de, olar garalama hökmünde «RAM»-y däl-de, gaty diski ulansalar, adaty ýagdaýda 1 millisekuntda ýerine çenli wagt garashdyryp bilerler. Soñky çykýan programmalaryñ «RAM»-y has-da «agyr» ulanýandygy sebäpli bolsa, kompýuteriñiziñ «RAM»-y 2 GB-den az bolsa, onuñ ejiz ýerini tapdyñyz diýmekdir.


    2) Prosessor logiki hem-de matematiki ishleri ýerine ýetirýän komponent bolanlygy sebäpli näçe tiz bolsa shonça gowy. Üstesinede, döwrebap kompýuter üçin prosessoryñ ýadro sany ikiden az bolmaly däl, dört bolsa has gowy diýseñ bolar. Sheýlelikde, prosessoryñyz köp ýadroly bolmasa, ýa-da onuñ tizligi 2 Ghz-den az bolsa, ony çalyshsañyz gowy bolar.


    3) Gaty diskler kompýuteriñ maglumat ambary wezipesini ýerine ýetirýär. Kompýuteriñizde operasion ulgam (Windows) üçin aýratyn, öz maglumatlaryñyz üçin aýratyn iki sany gaty disk ulanjak boluñ. Ýene-de bir bellemeli zat: gaty diskleriñ «rmp»-si (içindäki diskleri minutdaky aýlanmak ýygylygy) 7200-den az bolmasyn, sebäbi käbir gaty disk öndürijiler has göwrümli gaty diskleri öndürmek maksady bilen olaryñ «rpm»-sini 5400 edýäler.


    4) Wideo karta «Windows Vista» operasion ulgamyndan öñki ulgamlarda diñe oýunlary oýnamak maksady bilen ulanylýardy. Ýöne kompýuteriñizde oýun oýnaýan bolsañyz ýa-da ulanýao operasion ulgamyñyz, «Windows Vista» ýa-da «Windows 7» bolsa ýady 1 GB-den az bolmadyk wideo kartany ulanjak boluñ.


    Ine gysgaça düshündürilishi!
  • 24 сентября 2010 | 12:04 Pýezoelektrik nanogeneratorlar ish bashynda 

    ABSH-nyñ Jorjia Tehnologiýa intstitutynyñ alymlary pýezoelektrik nanogeneratorlaryñ öndürýän eketrik energiýasy arkaly ishleýän mini sensorlary oýlap tapdylar. Bu nanogeneratorlar müñlerçe nanosimlerden emele getirilip, olar mehanik deformasiýa (shekil üýtgetme) ugranda elektrik energiýasyny öndürmäge ukyplydyrlar. Sheýle generatorlaryñ ulanylmagy kiçi ölçegli elektrik enjamlarynyñ batareýa ýa-da akkumlýatora mätäç bolman ishlemegine sebäp bolýar.

    Nanogeneratorda ulanylan nanosimler shnkiñ okisinden ýasalypdyr, generatoryñ binýady bolan maýyshgak material bolsa sheýle simleriñ müñlerçesinden emele gelýär. Generatoryñ öndürýän elektrik energiýasynyñ mukdary gönüden-göni simleriñ deformasiýa derejesine baglydyr. Geçirilen synaglarda 0,19 göterim deformariýa ugran simleriñ 1 sm kubynyñ 1,26 wolt derejesindäki elektrik energiýasyny öndürmäge ukyplydygy görüldi. Synagda alymlaryñ ýasan iki nanosensory ulanyldy. Birinji sensor suwuklygyñ pH (kislotalyk) derejesini ölçeýän bolsa, ikinji ultramelewshe shöhleleriñ güýjüni ölçeýär.
    Sheýle generatorlary öndürmegiñ añsatlygy hem-de köp ýerde ulanylmaga mümkinçilik döredýänligi sebäpli olaryñ gelejekde deñiz tolkunlaryndan ýa-da ses tolkunlaryndan elektrik toguny almak üçin añsatlyk bilen ulanylyp bilinjekdigi añdylýar. Hatda, olaryñ aýakgaplaryñ dabanyna ýerleshdirilip ýörelende, jübi telefonlaryñ batareýalaryna zarýad berýän görnüshleri hem öndürilip bilner.
    Çeshme: www.gizmag.com

    Теги: tehnologiýa nano

  • 24 сентября 2010 | 03:25 Mobil 3 ölçegli ekranlar 

    «Sharp» shereketi tomusdan bashlap mobil enjamlar (smartfonlar hemde dashalýan beýleki enjamlar) üçin niýetlenen 3 ölçegli ekranlary öndürip bashlajagyny yglan etdi. www.dailytechinfo.org-da berlen maglumatlara görä, ýakyn gelejekde dashalýan enjamlaryñ bary 3 ölçegli ekranlar bilen üpjün ediler. Sebäbi tehnologiýadaky ösüshler hem arzanlashyklar we ulanyjylaryñ sheýle ekranlara bolan gyzyklanmasy öndürileriñ hem ünsüni özüne çekdi.


    «Sharp» shereketiniñ wekilleri sheýle tehnologiýanyñ üstünde 20 ýyldan bäri ishläp gelýändiklerini hem-de öndürip bashlajak enjamlarynyñ bäsdeshleriniñkilerden göz-görtele üstündigini aýdýarlar.


    Täze ekran «duýgur» hem-de 3 ölçegli, diagonaly (keseligine ululygy) bolsa 3,4 dýuým (8,7 sm) bolar. Ondaky 3 ölçegli shekilleri görmek üçin äýnek gerek bolmaz. Bu enjam barada aýdylyp bilinjek ýekeje kemçilik welin bar: 3 ölçegli shekilleri görmek üçin ekrana dik seretmeli bolýar. Ýagny, azajyk gapdaldan seredilende, shekiller bozulýar. Ekranyñ üstün taraplarynyñ biri bolsa, hem 2 ölçegli hem-de 3 ölçegli shekilleri görkezmäge ukyply bolmagydyr.





    Ekranyñ durulygy 480x854 piksel bolup, kontrastlyk derejesi 1,000:1-dir.Ekran «LCD» (suwuk kristallar) tehnologiýasy hem-de mikroskopik linzalar ulgamyndan ýasalypdyr.Bu linzalar ekrandan çykýan shöhleleri döwüp her göz üçin aýratyn shekil emele getirýär.

    Теги: tehnologiýa 3d mobile

  • Finlanýandiýanyñ «Nokia» kompaniýasynyñ smartfonlaryny ulanýan 200 milliondan gowrak ulanyjy indiden beýläk telefonda gürleshen wagtlaryndaky çykdajylarynyñ möçberini ep-esli derejede azaldyp bilerler.


    Bu telefonlary öndürijiniñ Ovi serwisininde shu günden bashlap «Skype»-niñ VolP-programmasy ishläp bashlar.


    Bu programmanyñ kömegi bilen bir smartfondan beýleki birine jañ etmek, «Skype»-niñ ýa-da kompýuteriniñ kömegi arkaly arzan bahadan amala ashyrylýar. Bu arzanladysh esasanam Wi-Fi birleshmesi ulanylanda has hem täsirli bolar. Hünärmenleriñ bellemegine görä, VolP-programmasy telefon operatorlarynyñ gelejekdäki esasy bäsdeshlerine öwrüler.
  • 24 сентября 2010 | 03:19 «Avatar» filminde näçe RAM ulanyldy? 

    RAM komýuteriñ wagtlaýyn ýady bolup, häzirki wagtda ulanylýan komýuterleriñ iñ güýçlülerinde hem 8 gigabaýtdan (1 terabaýt = 1024 gigabaýt) geçmeýär. Filmler wizual effektleri hakyka ýakyn edip ishlemek üçin bolsa, elbetde, örän güýçli kompýuterler gerek bolýar.

    Eýýäm 10-njy ýanwarda girdejisi 1 milliard dollardan geçen «Avatar» filmi, wizual effektleri bilen köpleri haýran galdyrdy. Filmiñ effektleriniñ üstünde Täze Zelandiýaly «Weta Digital» shereketiniñ «HP Blade» serwerlerinde ishlenildi. Shereket «Avatar»-yñ täsin üç ölçegli effektlerini wideo görnüshine getirmek üçin 40 müñ prosessor hem-de 104 terebaýt RAM ulanmaly boldy. Sheýlelikde, adaty kompýuterde 1 prosessor hem-de 2 gigabaýt RAM bar diýip çaklasak, bu film üçin 40 müñ komýutere ýetjek prosessor hem-de 53,248 kompýutere ýetjek RAM ulanylypdyr.
    «HP Blade» serwerleri öz aralaryndaky aragatnashygy 3 petabaýt tizligindäki fiber-optiki simler arkaly ýerine ýetirip, networkda ishleýän gaty diskler bilen bolsa 10 gigabitlik simler arkaly çatyldy. Üstesine-de, shereketiñ bilermenleri serwerleriñ arasyndaky aragatnashygz mümkin boldugyça tizlendirmek maksady bilen olary bir-birlerine örän ýakyn ýerleshdiripdir. Soñlugy bilen «Weta Digital» shereketiniñ düzen kompýuter ulgamy häzirki wagtda çenli filmleriñ wizual effektlerini ýerine ýetirmek üçin ulanylan iñ güýçli kompýuter ulgamy boldy.

    Теги: avatar ram kino

  • 24 сентября 2010 | 03:14 Zeýtun ýapragynyñ peýdasy 

    Salam hormatly agzalar we myhmanlar!. Men Zeýtun hakda bir kelam ýazaýyn diýdim.

    Yssy ýerlerde ýetishýän zeýtun ýapragynyñ ynsan bedeniniñ has ýash görünmeginde täsirlidigi mälim edildi. Hünärmenler zeýtun ýapragynyñ tebigy antibiotik häsiýetiniñ bardygyny aýdýarlar. Bu ýapragyñ sarymsakdaka we sogandaka meñzesh täsirleriniñ bardygyny aýdýan hünärmenler, zeýtun ýapragynyñ hassalyklardan goranmakda we bejergide peýdalydygyny belleýärler.



    Zeýtun agajynda bar bolan we miweleri gaýtadan ishlenen mahaly aýrylýan ajy-turshumtyk tagamynyñ hassalyklaryñ öñüni almakda ulanylýar. Bulardan bashga-da bu miwäniñ ýagy adam bedeni üçin iñ peýdaly ýag hasaplanýar. Sheýle hem zeýtun ýapragy çaý hökümünde içilen mahaly adam bedeniniñ immunitetini güýçlendirýändigi habar berilýär.

  • 24 сентября 2010 | 03:12 Çilim bilagyra täsir edýär 

    Adam saglygyny howp astyna salýan endikleriñ biri bolan çilim çekmekligiñ ýash çilimkeshlerde hem bil agyrysyna sebäp bolup biljekdigi mälim edildi. Italiýada çykýan «Il Corrire della Sera» gazetiniñ habaryna görä kyrk ýylyñ dowamynda halkara zhurnallarda çap edilen 80 töweregi ylmy ishi gaýtadan gözden geçiren Finlýandiýada ýerleshýän Saglyk institutynda ishleýän hünärmenler dürli ýash toparlaryna degishli jemi 300 müñ adamyñ gatnashan 40 sany ylmy ishini saýlap aldylar. Bu ylmy ishleriñ netijelerini gaýtadan seljeren alymlar çilimkeshleriñ çilim çekmeýänlere görä 30 göterim has köp bilagyra duçar bolandygyny anykladylar. Bil agyrynyñ has köp çilimkesh ýashlarda gabat gelýändigini aýdan alymlar munuñ sebäbiniñ nikotiniñ damaryñ ýygrylmagyna sebäp bolýandygy bilen düshündirýärler. Ylmy ishiñ awtorlaryndan Rahman Shiri nikotin sebäpli öýjükleriñ ýeterlik derejede howa alyp bilmeýändigini, shol sebäpli has tiz zaýalaýandygyny we agyra duçar bolýandygyny mälim etdi. Sheýle hem çilim çekmekligiñ süñklere-de öz zyýanly tasirini ýetirýändigini habar berdi.

  • 24 сентября 2010 | 03:09 TM CELL we MTC(tm) barada gerekli maglumatlar… 

    Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!.



    Öñden bäri TM CELL(Altyn Asyr)-yñ bahalary barada bir topar maglumatlar bloglarda ýazylylypdy. Ýöne açyk we anyk maglumatlar giñishleýin düshündirilmändi. Men shu gün gazet okap otyrkam, «Türkmenistan» gazetinde TM CELL-iñ nyrhlary barada bu maglumatlary okadym we siz bilen paýlashaýyn diýdim. Içimizde bahalary bilmän info tapman ýörenlerimiz bardyr, ine sholara kömek höküminde shu blogda TM CELL-iñ nyrhlary hakda giñishleýin(jañlar, wideo jañlar, sms, mms, gprs, 2G, 3G w.sh.m) we anyk bahalaryny hakda maglumat goýjak. MTC(tm) barada-da azajyk özümiñ bilýän infolarymy ýerleshdirjek.







    TM CELL barada:







    GSM-den GSM-e çykysh jañlar (TM CELL ulgamy), bir minut üçin — 0,10 manat

    GSM-den GSM- girish jañlar (TM CELL ulgamy), bir minut üçin — 0,00 manat

    GSM- den shähere we shäherara aragatnashyk ulgamyna çykysh jañlar, bir minut üçin — 0,12 manat

    GSM-e ähli girish jañlar (GSM TM CELL ulgamyndan bashga), bir minut üçin — 0,12 manat

    SMS hyzmatlary (bir SMS üçin) - 0,08 manat

    Wideo jañlar ähli ugurlary boýunça (çykysh we girish jañlar halkara jañlaryndan bashga), bir minut üçin — 0,20 manat

    Ulgamyñ içinde girish jañlary — 0,00 manat

    MMS hyzmatyny birikdirmek — 0,00 manat

    Bir çykysh MMS hyzmaty üçin (TM CELL ulgamy we bashga operatoryñ ulgamyna), - 0,20 manat

    GPRS hyzmaty: 1 M/baýt, (göwrümli maglumat üçin) - 0,20 manat

    Jañlar 4 sekunt wagtdan soñ nyrhlandyrylýar. Soñky sekuntlar 1 minut gepleshik hökmünde nyrhlandyrylýar.





    Täze nyrhlarymyzy birikdirilende minimal hyzmatlarynyñ sanawy:



    2G — Standart nyrhy üçin:



    1. Ulgama birikdirmek — 0,00 manat

    2. SIM-karta üçin — 3,00 manat

    3. Abonent tölegi — 2,00 manat

    4. Shäherara aragatnashygy çykysh koduny birikdirmek — 0,00 manat

    5. SMS hyzmatyny birikdirmek — 0,00 manat

    6. Belgini anyklamak hyzmatyny birikdirmek — 1,17 manat

    Jemi hyzmatlar paketi üçin - 6,17 manat

    2G — Standart nyrhynda GPRS hyzmatyny ulanmak hem mümkindir (birikdirmek 5 manat)





    3G — Internet nyrhy üçin:



    1. Ulgama birikdirmek — 0,00 manat

    2. SIM-karta üçin — 3,00 manat

    3. Abonent tölegi — 2,00 manat

    4. Shäherara aragatnashyga çykysh koduny birikdirmek — 0,00 manat

    5. SMS hyzmatyny birikdirmek — 0,00 manat

    6. Belgini anyklamak hyzmatyny birikdirmek — 1,17 manat

    7. GPRS hyzmatyny birikdirmek — 5,00 manat

    8. 1 G/baýt maglumat üçin töleg — 70,00 manat

    Jemi hyzmatlar paketi üçin - 81,17 manat



    Ähli nyrhlar GBSS-i bilen görkezilen.

    Habarlashmak üçin telefon belgileri: 39—88-26, 39—27-67.





    MTC (tm) barada:







    Eger MTC (tm) ulanýan bolsañyz, ýörite özüniñ resmi saýtlary bar: www.mts.tm ýa-da wap.mts.tm. Shu ýerlerlerden MTC (tm)-yñ tariflary, hyzmatlary, nyrhlary barada giñishleýin tanyshyp bilersiñiz. «MTC hasabym» - bu bolsa MTC nomeriñizdäki hasabyñy görüp we dolandyryp(*131# jañ aýlaýañyz, parol gelýär. paroly sho linkdäki öz ýazmaly ýerine ýazýañyz, ashagynda nomeriñizi ýazýañyz soñ öz hasabyñyzy internediñ üstünden dolandyryp bilýäñiz. *131# jañ aýlap parol almak mugtdyr.) bilersiñiz!



    Copyright © Rowshen-Jm 09.08.2010

    Теги: maglumatlar tmcell mtc

  • 24 сентября 2010 | 02:49 Shübhe galmasyn! (+16) 

    Essolawmaleýkim hormatly agzalar we gadyrdan myhmanlar! Biz dash töweregimizdäki adamlaryñ gizlin nämeler edýändiginden habarymyz ýok. Ol adamlaryñ näme bilen meshhullanýandygyny öz agzyndan eshtmeli bolýas ýa-da hereketlerini yzarlap, bilmeli bolýas. Shonuñ ýalyda ýakynlarymyz, dost-joralarymyz, tanyshlarymyzyñ neshe serishdesini çekýäninden ýa-da urdurýanyndan habarsyz, shübhe edýän ýagdaýlarymyz (eger shübhe edýän bolsañyz) bolsa, narkologiýa lukmanlarynyñ «neshekeshiñ, neshekeshdigini bilmek üçin 11 görnüshli hereketleri bilen añyp bolar» atly düshündürishini ashakda goýýan: 1. Bashda ol jemgyýetçiligiñ ýazgarýan ishine bash goshandygy üçin müýnürgeýär, özüni ýazykykly duýýar, çekinýär, mydama keýpsiz bolýar. Ol dymmagy çykarýar, hiç kim bilen gürleshmäge isleg bildirmeýär. 2. Neshe ulanyjy ilki hemme zada parhyz seredýär. Bir nokada garap, birnäçe sagatlap ýatmagy endige öwürýär. Käte kimdir birine päsgel berýändigine-de üns bermän, saz diñleýär. 3. Onuñ urushmagy, kimdir biriniñ üstüne topulmagy mümkin. Ol öz adyna aýdylýan tankydy bellikleri agyrlyk bilen kabul edýär. Özüniñ mamladygyny subut etmek üçin uzak wagtlap jedelleshýär. Hemmeleriñ özüne ýerliksiz igenýändiginden nalanýar. 4. Her gün öýden gidýär we giç dolanýar. Nirä we näme üçin gidýändigini hiç haçan aýtmaýar. 5. Häli-shindi pul soraýar. 6. Öýden pul we gymmat bahaly zatlar ýitip bashlaýar. Ýöne neshe ulanyjy etmishini hiç wagt boýun almaýar. Tersine, gahar-gazaba münüp, hüjüm edip bashlaýar. Günäni beýleki mashgala agzalarynyñ ýa-da tanyshlarynyñ üstüne atýar. 7. Neshe ulanýan adam agshamlaryna dyngysyz herektde bolýar. Dañ atmagyñ öñ ýanynda uka gidip, günorta çagy oýanýar. Wagtyñ geçmegi bilen ukusyzlyk ýüze çykýar. 8. Neshe ulanyjynyñ ishdäsi mydama açyk bolýar, ol aýratyn hem süýji tagamlary ishdämen iýýär. 9. Horlanma, meñziñ agramagy, deriniñ gurak ýa-da asha ýagly bolmagy — neshekeshlige mahsus alamatlar. Dish sary örtük bilen örtülýär, biraz çishen dilde çuñ jaýryklar emele gelýär. Göreç neshe ulanyjynyñ ýagdaýyna laýyklykda kä giñelýär (abstinensiýada — azarlamada), kä daralýar (intoksikasiýada — zäherlenmede). Gözler ýarym açyk — ýarym ýapyk halda. Neshe ulanýan adam gözlerini elek-çeçek edip, kä o, kä bu zada seredegen bolýar. 10. Neshe ulanyjynyñ elinde gök tegmiller — iññäniñ yzy görünýär. Ol shol tegmilleri görkezmejek bolup, hemishe uzyn ýeñli köýnekli gezýär. 11. Özüñizde shübhe döreden adamyñyzyñ ýatýan otagyny assyrynlyk bilen barlañ! Eger ol neshe serishdelerini ulanýan bolsa, onda munuñ subutnamasyny (garalanan hapa tabak ýa-da kürüshge, kijijik çaý çemçejikleri, turba shekilli düýrlenen kagyzlar, shübheli otlar, derman tabletkalary) taparsyñyz. p.s Neshe ulanýan adamyñ endikleri, gylyk-häsiýetleri ýokardaky 11 düshündirishindäkidenn çem tutup bilse bolýar.
  • 24 сентября 2010 | 02:46 Ölen Adalat 

    Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! :) Shu gün içim gysyp näme etjegimi bilmän, soñ kitap durýan tekjä gözüm düshdi. Kitaplaryñ içinden bir Türk ýazyjysynyñ "Çagalar üçin hekaýalar» atly kitabyny elime alyp, sahypalaryny dörüp otyrkam shu hekaýa dush geldim. Bu hekaýa çagalar üçin bolsadam, meñ üçinem has gyzykly boldy, haladym. Çagalarmyza shu kitapdaky hekaýalary okatsak has beýnisi arassa tämiz bolup ýetisherler. Köp zatlary agyr dilde dälde ýeñil okamaga añsat bolan dilde ýazylan. Ýazyjynyñ häsiýetini, ýazýan hekaýalary bilen çagalary gowy terbiýelemegi basharýanyna göwnüm ýetdi. Ýenede bellemeli zatlaryñ biri bu kitapdaky ähli hekaýalarda din-lere garshy hereket ýa-da bashga din-leri garalamak hakda hiç ýerinde bellenmändirem ýazyjam ýazmandy. Ähli din-lere hormat goýulup, ähli hekaýalarda din-ler hakdaky pikirlerini üýtgetmän ýazmagy basharypdyr ýazyjy. Sizler bilen sho kitapdaky bir hekaýajygy paýlashasym geldi: :) Hekaýany ýazan: Ryza Akdemir Türkmen diline geçirem: Berdi Saryýew Size ýetiren: Röwshen Jumaýew Ölen Adalat Gadym zamanlarda örän rehimsiz bir dikdüshdi baý bar eken. Kellesine näme gelse, ony edermish, halky sogan soýan ýaly soýýan eken. Bir gün atly gezip ýörkä, bir uly we örän owadan oýüñ üstünden ýoly düshüpdir. Öý eýesine: - Dost, bu hojalygyñy maña satjakmy?- diýip sorapdyr. — Elbet-de, men munuñ bahasyny artygy bilen tölärin. Öý eýesi oýlanman jogap beripdir: - Hormatly dostum, men bu hojalygy satmak islemeýän. Ata-babam bu ýerde ýashap geçipdir. Men hem ömrümiñ soñky günlerini bu ýerde arkaýynlykda geçirmek isleýärin. Ýok, muny satyp bilmen. Bu hiç mümkin däl. - Ertire çenli wagt berýärin. Oñatja oýlanyp gör. Baý atyna münüp, ol ýerden uzaklashypdyr. Öýüniñ gapysynda galan daýhan bashyny ýaýkap: - Bu bolup bilmez. Mülkümi satmaryn- diýipdir. Ertesi gün ir bilen gapa gelen baý atyndan hem düshmän: - Nähili karara geldiñ?- diýip sorapdyr. Daýhan: - Kararym düýnki aýdyshym ýaly. Hojalygymy satmaýaryn. Baý birden gaharlanyp bashlapdyr: - Iñ soñky gezek soraýaryn senden. Ýagshylyk bilen satýarmyñ ýa-da ýok? Eger satmasañ, nädip almalydygyny men oñat bilerin… Daýhan bashyny ýaýkap: - Men muny satmaýaryn- diýdi. Gahar gazaba münen baý kaza ýüz tutup, oña köp mukdarda pul berip, daýhana garshy bir dawa açýar. Häkimler bolsa onuñ depseñ deprenmez baýdygyny, shol sebäpden özlerine para-peshgesh beriljegini bilýärdiler. Shonuñ üçin olaryñ bary baýyñ tarapyny tutupdyrlar we baýa daýhany ýola getirjekdiklerine söz beripdirler. Daýhany çagyryp, ýerini satjagyny ýa-da satmajagyny sorapdyrlar. Ýöne daýhan shol öñki pikirinden üýtgemändir. Baýyñ dawa açjakdygyny hem aýdypdyrlar. Obaly daýhan sözünden dänmändir. Baýyñ tutan kazysy örän mekirmish. Obaly daýhan hakynda dawa açyp, oña örän köp mukdarda pul jezasyny salgyt salypdyr. Ahyry soñy daýhan ýerini satmaga mejbur bolupdyr. Jerimelerini töläninden soñra onuñ elinde bary-ýogy ýüz altyn galypdyr. Daýhan häkimlere shunça ýalbarypdyr. Soñra-da: - Eger ýer ýüzünde adalat ýok bolsa o dünýäde dini adalat siziñ ýakañyzdan ebshitläp tutar- diýipdir. Häkimler onuñ sözüne gülüshipdirler. Aralaryndan biri sheýle jogap beripdir: - Aldanan obaly daýhan gözleri ýashly ýagdaýynda shäherde ýakyndan tanaýan popunyñ ýanyna barypdyr. Bashyndan geçenleri birin-birin aýdyp beripdir. - Häzir elimde ýüz altynym galdy. Munyñ baryny saña berýärin. Adalatyñ ölendigi üçin ybadathananyñ ähli jañlaryny uzak wagt kak. Senden uly haýysh edýärin- diýipdir. Pop puly alypdyr. Körpesi bilen ybatdathananyñ minarasyna çykaryp, ähli jañlary adatdakysyndan tapawutly edip uzak wagtlap kakmaga bashlapdyr. Shäherde sheýle bir hereketlilik bashlanypdyr. Her kim biri-birine: - Kim öldikä, hemmesi birden çalýar? Nähili bolsa-da, bir uly adam bolmaly, özi-hä… Hiç kim öleni tanamaýarmysh. Her kim aladalanyp, köçä çykypdyr. Paýtagt shäheri bolany üçin patysha hem shol shäherde eken. Ol hem aladalanyp ugrapdyr. Adamlaryny iberip kimiñ ölendigini sorapdypdyr. Hiç kim ishiñ aslyny öwrenip bilmändir. Ahyrsoñy popa tarap eñipdirler. Pop: - Adalat öldi- diýipdir. — Jañlar onuñ üçin kakylýar. — Popuñ jogabyny eshiden dessine, patysha gahar gazaba münüpdir: - Meniñ ülkämde hiç wagt adalat ölmez. Ýöne käwagt uka gider. Men ony gaýtadan oýandyraryn. — Derrew popy çagyryp, ölen adalat üçin bütin jañlary kimiñ kakdyrandygyny sorapdyr. Pop: - Siziñ sadyk bir ýashaýjyñyz. Hans atly bir adam. Bir wagtlar rahat ýashan bir daýhan bardy. Patysha derrew adamlaryny iberip Hans tapdyrypdyr. Hans köshge gelip, hojalygynyñ elinden nähili alandyklaryny, bashyndan geçenleri we adalatyñ ölendigini aýdypdyr. Patysha muña örän gynanypdyr. Daýhanyñ bütin malyny-mülküni gaýtaryp berdiripdir. Soñra açgöz baýa, hilegär kazydyr parahor häkimlere ölüm jezasyna buýruk beripdir. Dardan asanlaryda hemmesi bir göwre görnüshinde jan beripdir. Shol wagtlardan bäri adalat ýashaýar. Bir gün öläýse, ýene jañlar kakyljakdyr.

    Теги: hekaýa kanun garyp

  • GALPYÑ GAZANY GAÝNAMAZ «Ynam ömür ýalydyr, ol ynsana bir gezek berilýär» diýip, gadymy pähimdarlaryñ aýdyshy ýaly, bu owadan dünýäde ýashan ömrüñde özüñe bildirilýän ynamy ödemek parz. Çünki, ynamy ödemek köñüller içinde gurlan mertebäniñ, hormatyñ, sarpanyñ bosagasyndan ätlemek, abraý gazanmak. Ýöne, aramyzda ýeñil eklenç gözläp, çar tarapa hars urup, il-gününi, goñshy-golamyny, dost-ýaryny, dogan-garyndashyny çürkäp, abraýdan gaçýan kezzaplaryñ bardygy bizi örän gynandyrýar. Ozal hem kezzapçylyk edip, jenaýat jogapkärçiligine çekilen, 1982-nji ýylda Türkmenabat shäherinde doglan Suhrab Abdullaýew welin halal zähmet çekip, gazanç edeninden kezzapçylyk edip, göz-görtele ýalan gepläp, ogurlyk edip, baýanyny kem görmedi. S. Abdullaýew dashary ýurt firmasyna ishe ýerleshdirmegi wada berip, aldaw ýoly bilen obadashlarynyñ ynamyndan peýdalanyp, olardan ep-esli möçberde pul alýar. Ol sürüri wezipesine ishe ýerleshdirmegi wada berip, obadashlary A. Jumadurdyýewiñ, M. Hasanowyñ, S. Pimepesowyñ hersinden 550 amerikan dollaryny, H. Permanowa bilen A. Bazarowadan tam süpüriji wezipesine ishe ýerleshdirmäge wada berip, 400 amerikan dollaryny, Sh, Ýakubowadan we N. Ýakubowadan kätip wezipesine ishe ýerleshdirmäge wada berip, jemi 700 amerikan dollaryny, J. Ismailowadan tam süpüriji wezipesine wada berip, onuñ 400 amerikan dollaryny aldaw ýoly bilen alýar we olara ep-esli derejede maddy zyýan ýetirip, kezzaplyga ýüz urýar. Shonda-da ony obadashlaryny çürkäp alan puly kanagatlandyrmaýar. Onuñ ho-ol allowaralardan albaý bulaýan gara nebsi S. Abdullaýewi indiki jenaýata iterýär. Bu gezek ol B. Wafaýewe dushýar. Hernäçe hilegärlik etse-de, B. Wafaýew onuñ gazan çukuryna düshmeýär. Ahyrymda-da, S. Abdullaýew ondan 800 manat karz berse, soñra onuñ shol puluny 900 manat edip gaýtaryp berjekdigini we ishe ýerleshmäge kömek etjekdigini wada berýär. Aý aýlanyp, ýyl dolanýar. S. Abdullaýewiñ hilesine aldananlar oña beren pullaryny yzyna almagyñ aladasyny edip, uly gaýga galýarlar. Ahyrynda onuñ algydarlarynyñ dadyna hukuk goraýjy ishgärler ýetishmeli boldy. Onda-munda ygyp, gaçyp ýören S. Abdullaýew bolsa, yzyndan ýetilmez öýdýärdi. "Ýakma-bishersiñ, gazma-düshersiñ» diýlishi ýaly, S. Abdullaýdw hem eden etmishleriniñ oduna ýanmaly boldy. Sheýlelikde, Türkmenabat shäher kazyýetiniñ shu ýylyñ 23-nji iýunyndaky çykaran hökümi esasynda S. Abdullaýew Türkmenistanyñ Jenaýat kodeksiniñ 228-nji maddasynyñ 2-nji böleginde görkezilen jenaýatlary etmekde günäli bilnip, 8 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Bu berlen jeza ony ymykly aklyna aýlasa gerek. Shöhrat Mämmetgurbanow, Lebap welaýatynyñ Türkmenabat shäher kazyýetiniñ kazysy. «Adalat» gazeti. Nomer 37 (710) 2010-njy ýylyñ 10-njy sentýabry, anna.

    Теги: hakykat kanun baý

  • SOÑLANMADYK «AÝDYM» Öz ýanyndan ýetishdiren hasyly, ondan geljek pullar hakda pikir öwrüp, göwnüni hoshlap gelýän bu kishi öz düzen «aýdymjygyna» hiñlenýärdi: «Ishim showlandy, hasyl bol boldy, jübim pullandy». Keýpihonja aýdyma hiñlenip gelýän bu kishi Ruhabat etrabynyñ Gökje obasynda doglan, belli bir käriñ bashyny tutmadyk, ýashy bolsa altynjy onlugy ýarpylan Baýramgeldi Jepbarowdy. Ol entejik «aýdym aýtjakdy» weli, ýüz urany hakyky bagshyçylyk ýoly däl-de, haramlyk ýoly bolansoñ, oñ «aýdymyny» kesmeli boldular. Çünki, hukuk goraýjy edaralaryñ ishgärleriniñ eserdeñlik bildn alyp baran dessin ishleriniñ netijesinde, B. Jepbarowyñ hiç kim bilmez öýdüp, öz ýashaýan obasy bolan Ruhabat etrabynyñ Gökje daýhan birleshiginiñ Oýukly obasynyñ 6—7 kilometr töwereginde, 3—4 ýere bölüp, ýetishdirmdk hem satmak maksady bilen eken nälet siñen ekini — 10800 düýp göknar ösümligi tapylýar. Jenaýatkär bu ekininden eýýäm 35,1 gram tirýek, 9 kilogram 200 gram guradylan göknar samanyny ýygnap, öýünde gizläp hem ýetishen eken. Üç perzendiñ atasy bolup, indi ýashlara päk zähmet, halal ýashaýysh hakda öwüt-ündew edip oturmaly halyna, özi gara nebsiniñ guluna öwrülip, shonça düýp haram ekin ekenden, il içinde oñlanylýan derekli bir ekin ekip, shoña zähmet siñdiren bolsa, gör, nähili oñat bolardy! Emma niýetini harama diken näkesi bu zatlar däl-de, añsatlyk bilen gazanyp boljak has köpräk pullar gyzyklandyrdy. Ol halaldan ýüz öwrüp, harama ulashdy. Shonuñ üçin Ahal welaýat kazyýeti eden jenaýatçylykly herekdtlerini öwrenip-ölçäp, B. Jepbarowy Türkmenistanyñ Jenaýat kodeksiniñ 295-nji maddasynyñ 2-nji böleginiñ «w» bendi, 292-nji maddasynyñ 2-nji bölegi esasynda günäli bilip, 16 ýyl azatlykdan mahrum etmek hakynda höküm çykardy. Hawa, ýurt bolup diñe bir shu günümiziñ däl, eýsem geljegimiziñ hem eshretli bolmagy maksat edinilip, ençeme ýagshy ishler alnyp barylýarka, olara goshant goshmaga derek, neshekeshlik hem-de neshe söwdasy ýaly ýazgarylýan ýowuz apatyñ çoçgaryna çolashan B. Jepbarow öz eli bilen ýüzüne-de, durmushyna-da gara çekdi. Munuñ üçin adyl kazyýet ony indiki döretjek aýdymlaryny arjaýyn aýdar ýaly demir gözekli, dashy goragly jaýa-da ugratdy. Ýöne, B. Jepbarow öz aýdymlarynyñ arasynda ýashy-ýaman, halal-haram hakda birje gezek bir oýnanmazmyka?! Aknur Amanmuhammedowa, Ahal welaýat prokurorynyñ uly kömekçisi, ýustisiýanyñ kiçi geñeshçisi. «Adalat» gazeti. Nomer 37 (710) 2010-njy ýylyñ 10-njy sentýabry, anna.

    Теги: kanun baý

  • 24 сентября 2010 | 02:01 Androidler Ýeri basyp alýa… 

    Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Bu günki blogum "Söýgi» hakda däl :)), "Tehnologiýa«-nam ýatdan çykarmaýyn, tehnodanam habardar edeýin diýdim. Köpimiz Android ulanýandyrys ýa-da sho hakda eshdýändiris. Häzirki wagta dünýäde Android ulanýanlaryñ sany öñkä garañda has köpeldi. Android Apple-niñ iPhone-ny bilen güýçli bäsdesh. Özümä Nokia ulanýan, ýöne soñy bilen Android aljak nesip bolsa :-). Karoçe düýn internetden tehnologiýa hakda täzelikleri okap ýörkäm ashakdaky täzeligi okadym we siz bilen paýlashmagy özüme makul bildim :). Birnäçe ýyl mundan öñ Apple shereketi iPhone smartfonlaryny satuwa çykaryp, duýgur ekranlar eýýamyny açypdy. 2010-njy ýylyñ bashynda bolsa shereket 9,7 dýuým duýgur ekranly tablet kysymly iPad kompýuteri satyp bashlamak arkaly, netbuklaryñ ornuny eýelemegi bashardy. Elbetde, bashga shereketler hem kompýuterler bazarynyñ bu bölegini ýeke Apple shereketine galdyrarlykly däl. Ynha, sheýle shereketleriñ biri bolan ViewSonic özüniñ saýtynda täze tableti-ViewPad 7-ni öndürip bashlandygyny yglan etdi. ViewPad 7 tableti dashyndan seredäýmäge iPad-yñ kiçeldilen görnüshine meñzeýär. Onda Android 2,2 operasion ulgamy, 7 dýuýmlyk duýgur ekran (800 x 480 nokatly), 3G Internetinden peýdalanmak üçin SIM karta ýeri, Wi-Fi simsiz network tehnologiýasy, Bluetooth hem-de A-GPS bar. Üstesinede, hakyky 3G etmek maksady bilen öñünde we arkasynda ýerleshdirilen iki kamerasy bar. Öñündäki kamerasynyñ durulygy VGA bolsa, arkasyndaky kameranyñ durulygy 3 megapikseldir. Shereketiñ ýolbashçylarynyñ biri bolan Derek Raýt öz beýanatynda täze enjam barada sheýle diýdi: "Biz täze tabletimize buýsanýarys. Sebäbi, 3G tehnologiýasy bilen doly ishlemäge ukyply enjamymyz bäsdeshlerimiziñkiden has güýçlidigine ynanýarys." Täze ViewPad 7 barada aýdyp boljak ýekeje oñaýsyz ýagdaý bolsa ondaky prosessoryň 1 Ghz däl-de bary-ýogy 600 Mhz bolmagydyr. p.s bloguñ adyny gyzykdyrmak üçin sheýle ýazandyryn :)) aslynda sheýleräk " Androidlaryñ mashgalasy köpelýär.» bolmaly. Okanyñyz üçin sagja boluñ!. Pikirleriñizi soraglaryñyzy orta atyp bilersiñiz! Copyright © Rowshen-Jm 15.09.2010
  • 24 сентября 2010 | 01:59 Ýene men… 

    Salam, janym!. Ýene meniñ samsyk umytlandyryjy duýgularym meni ruhlandyrmaga bashlap, bizar edýär. Bilýän men seni ýadatdym emma men bolamok sensiz!. Adamy köp gördügiñçe eger söýmeýän bolsañ ýüregiñi bulashdyryp bashlaýar!. Sende onuñ ýaly häsiýetleriñ ýokdugyny bilyän… ýöne meniñ hereketlerime-de men «dogry» diýemok!. Sebäp diýseñ düshünyäñ! ýöne bolanok! birje gün iñ bolmanda señ sesiñi eshitmesem bolanok! dashymda dost-ýardan bashga zat ýok!. Ýöne men ýene ýeke ýalñyz duýýan özümi, sen ýok ahyry yanymda… bolsañda aýda-ýylda birje gezek görkezyäñ Aýym nuryñy!, näme bolsada oña-da razy diñe seniñ meñki bolmagyñ!. Ýadyña düshýärmi sen diýipdiñ «señ häsiýetiñde sen bolmasañ senemjan diýip bashga gitjegiñ görnüp dur» diýipdiñ, ana shu sözler indi mende geçenok! men sensiz ýashap bilemok! ýöne meniñ sadaja, mylaýymja janym meni ýakýar… indi men saña o sözleri diýip bilerin näme bolsada men seni sheýle bir sylaýaryn ellerimde götermäge taýyn ahyry!. Bilemok meniñ ýazgymyñ köp bolmagy mümkin! ýöne indi aýtjak-goýjaklarymy içimde saklasam bolanok! ýarylyp barýan!. Beýle seni güýçli söyüp biljegimi hiç aklymada getirip bilemokdym! emma indi çypbakaý çynym bilen aýdyp bilerin: «janym men seni söýýän, men bilen galan ömriñi paylashmaga razymy?». Onsoñam bilyäñmi näme! mende duýgy öran güýçli däliremek añyrda dursun men sen uçin indi ölmägede taýyn, men elmydama birsözli onda-da nähili birsözli, seni söýýändigime andam içip bilerin ýöne sen ynanañoga, ynanjagam bolañok!. Ýöne seniñ ýylgyryshyñ, seniñ bakyshlaryñ, seniñ o ajaýyp gözleriñ meni däli diwana edýärä… «Söýýän» diýip gezmek bilen söýgini sut edip bolmaýar eken, men muña indi dushündim, ýöne öñ çyndan söýmedigim üçin, bu halatlarda näme etjegimi bilemok… aljyrañly ýagdaýda… muny etsem saña ýaranok, ony etjek bolýan biraz utanýan hereketlerimden… men shu gün söýmek onuñ ajaýyp zatdygyny bilip galdym, ýöne birtaraplaýyn söýgini adamy eredip akdyrýandygyny, etmesiz hereketleri etdirýändiginem düshündim… diýmek näçe gyz görsemde men söýgiden hiç zat bilemok ekenim. Ýürege duýgy uranda nähili hereket etmelidigini bashym çatmajagyna indi düshindim… meniñ köp zatlary oýlanyp "ýedi ölçäp, bir kes» diýilshi ýaly etýändigima eýýäm bilensiñ, men 10 hereket oñynça pikirlenmäge çalyshýardym, indi bir göçümden dashyny görüp bilemoga señ täsiriñden, aklym maña örän köp peýda edipdi, emma söýgä-duýga wagt gelende ol hem birtüýsli asgyn geldi… . Ajaýyp mähirli janymy göremde men düýpgöter üýtgeýän, mendäki ol gatylyk zabunlyk birtüýsli mylaýymlyga öwrülýär, bu gowshaklygy ýashyrmak isleýän, seniñ söýgiñi ýashyrmak isleýshiñ ýaly, ýöne basha baranok, sebäbi ýürek barha çalt urup bashlaýar seni göremde, eller titremäge bashlaýar, agyz bolsa doñup gep tapyp bilmeýär… sen maña sheýle täsir edýäñ… seniñ täsiriñ bilen men uçup ishleýän ýashaýan, emma sen ýok mahalyñ asmanym tutulýar, Aýym Günüm dogmaýar… . Sen meñ ýeketägim ahyry… . Sen güllere meñzeme!, güller saña meñzesin!, çünki sen güllerden owodan! Seni içden söýýän!… diýmek bilen agshamky pikirlerimi beýan etmegi tamamlaýan janym. Sentýabryñ agshamky salkyn howwasynda beýnime gelen pikirler bilen ýazan ýene bir oýlanmam. Copyright © Rowshen-Jm 14.09.2010

    Теги: söýgi

  • 24 сентября 2010 | 01:56 Täsin Zekat 

    Salam hormatly agzalar we hormatly myhmanlar! Tutýan Orazalaryñyz we berýän sadakalarñyz kabul bolsun! Arada internetde «pul, kredit» hakda gözleg edip ýörenimde shol sanda pul bilen baglanshykly bir topar hadyslar bilen hekaýalar çykaryp berdi. Içinde bir türkçe ýazga gözüm düshdi(türkçä alergiýam bar bolansoñ srazu sho ýazga girdim :-)). Özümä türkçe suwara bilmämsoñ ýazgyny google translate-de rusça tejrime edip, okap gördüm. Ýazgy diýseñ göwnüme ýarady. Umumy bu ýazgyda zekat(kömek) hakda aýdylýar. Bir baý, göwni açyk adamyñ iñ gowy usuly bilen müñlerçe köçede ýatýan pukaralary özlerine getirishi hakda örän manyly ýazlypdyr. Men köp samahyllap otyrmaýynla :). Sizler bilen paýlashasym geldi, okap netije çykaryñ!. Ýazgy hakdaky pikirleriñiz bar bolsa, ashakda beýan edip bilersiñiz! KARZ PUL Ülkesine dönmek üçin pula mätäç bolan bir ýigide, Amerikaly fizikaçi, filosof we döwlet ishgäri Benýamin Franklin sheýle mazmunly bir hat bilen jogap berer: Howa. 15-nji sentýabrda ýazan hatyñyzy almak mertebesine gowushdym. Halyñyz hakynda ýazan hatyñyz meni örän gynandyrdy, hatym bilen birlikde size on altyn gymmatynda bir çek iberýärin. Bu bir peshgesh däl, karzdyr. Ülkäñize baranyñyzdan soñra bu bergiñizi ödär ýaly bir ish tapmakda kynçylyk çekmejegiñizi umyt edýärin. Ol ýerde siziñ bashyñyzdan geçiren kynçylyga meñzesh bir ýagdaýda haýsydyr bir pukara gabat gelseñiz, maña bolan bergiñizi shol adama ödäñ. Sheýlelik bilen hem meni razy edersiñiz, hem bir biçärä kömegiñiz deger, hem-de bergiñizi iñ manyly ýoldan ödän adam bolarsynyz. Ýöne haýysh edýärin karz beren adamyñyza aýdyñ, ýagdaýyny düzeldeninden soñra sizden alan pulyny bashga bir mätäje bersin. Ynha bu shekilde on altynymyz bir päli ýamanyñ eline geçene çenli, ençeme pukara kömek eder. Sheýlelik bilen men az pula köp ýagshylyk etmegiñ syryny tapdym. Isleýishim ýaly kömek edere pulum bolansoñ muña mejbur galdym. Ýagdaýyñyzyñ iñ gysga wagtda düzelmegi üçin dileg edýärin, sizi ýürekden hormatlap, hatymy soñlaýaryn. Türk dilinden Türkmen diline tejrime eden: Röwshen Jumaýew Okanyñyz üçin sagboluñ!

    Теги: baý garyp zekat pul

  • Janym salam! Kalbym… näme diýsemkäm… gözümiñ öñünde geçýär ýatlamalar, bir-bir… her salym… her pursat. Seniñ gülüshiñ… seniñ mähriñ… hijem unudyp bolmaýar… näme üçin isleýän indi seni özümem bilemok… ishde arman ýadaman ishlemegimiñ sebäbi hem sen… adam pahyrda öldi diýsede umyt, ýenede azajyk umyt galýar eken mydam… adam näçe ýashy ulaldygyça ajy shonça agyr unudylýan eken… seni unutmakdan ölüm ýagshy… ýagshyñ yzyndan ýetip bolmaýshy ýaly seniñ söýgiñ yzyndan ýetmek maña kyn janym. Irden turamdan seniñ öýüñe tarap seredýän… ol diyseñ ýakynjak ahyry emma señ özüñ uzak menden, sowuk söýgi ýok maña…. emma men ony eshidesim gelenok, ýürek ony syzmak islänok… isleýän zatlarymyzyñ hemmesine ýetip bilmeýäs, dogry oña düshünýän aklym, emma nädip düshündirjek sen muny ashyk kalba, seniñ dönükligiñ hem hiç zat edip bilmedi ahyry. Seni ýigrenip bilmedim… her gün öýe gelemde seni ýürek küýseýär görmek… emma ýene bosh hiç kim ýok… sen arzuw deý hasyl bolmaýañ… aslynda düýshüme elmydama girýäñ, hudaýymyñ iberen melegi, men senden geçip bilmedim güljagazym, kalbyñ meñki bolmasa-da, seni görsem-de bashga biri bilen bagtly… onuñky bolanyñy görmekden ölenim ýagshy. Emma Hudaý berdi bize ömri diýdirýär ölüme tarap ýöneldigiñ her sapar… kalbymyñ iñ içki künjeginde zaryn-zaryn aglaýar bu durmushyñ beýle halyna, eger ol maña sensizligi ýazan bolsa mañlaýyma… sen hakda arzuw edýän, söýýän diýýän hemishelik, sen diýip ýashap bilmek, bilsem-de ertir bashga biriniñ ojagynda oturjagyñy ne ajaýyp… kalbym, sen aýdym aýtma, bu ýalançy pelekde, ak mahmal düshek ganat bolup uç al-asmanda, ters ýola iterip, oda salma… kalbym bagyshla meni, meni gora gaýta ajy külpetden, birinji kör ýagyshda meniñ göz ýashymy süpür ýüzümden, ýalbarýan senden… günüshiñ batyshy deý sen çökürme diymek isleýär kalbym… janym görsene muny… sen sen sen ýenede sen bar diñe kalbymda, diñe seni syzýar ahyry guljagazym bar tenim… sen häzirem bileñokmy? sen näme edeniñi… meniñ mahribanym, gözümiñ göreji. Näzijek elleriñ syzmak, näzijek sesiñ eshtmek. Titreýärdi dillerim aýdyp bilmän ne sözi, ne gözläp bilerdi seniñ gözleriñe, ajaýyp ol gara gözleriñe balam. Günälini gözlemek nämä gerek… iñ bolmanda maña bu güneshli güni sowgat ber… umydymy öldürme, ynanjymy ýitirtme diýip, beýik biribarymdan dileýän gülüm. Saña garashýan umyt bilen ýekejam!…

    Теги: söýgi

  • Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! :). Shu günler bosh wagtlarym goshgy okaýan. Hemme kim «Kerim agañ goshgylary gowy» diýishdiler welin meniñem okasym geldi :). Öýde kitap durýan tekjeden «Oýlanma baýry» 2007 nji ýylda çap edilen, K. Gurbannepesowyñ kitabyny tapdym. Içindäki goshgulary her ýerinden bir-iki goshgy okadym. Öñ okamadyk goshgularymdan iñ halanlarym «Plan dolmaly, plan!» we «Mashyn, mashyn, mashyn». Shu iki goshgusy degishme bilen hakykat garyshylan manyda ýazylan eken. Ýazyjy K. Gurbannepesowyñ gysgaça biografiýasy bilen sizi tanyshdyraýyn, soñra shol iki goshgyny siz bilen paýlashjak ;). Türkmenistanyñ halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyñ eýesi Kerim Gurbannepesow 1929-njy ýylda Gökdepe etrabynyñ Ýylgyn obasynda dünýä inýär. Beýik Watançylyk urshy ýyllarynda onuñ mashgalasy Tejene göçýär. Shol ýerde ol «Zarpçy» hemde «Tejengurlushyk» etrap gazetlerinde ishleýär. Kerim goshgy ýazmaga ýashlykdan bashlaýar. Onuñ ilkinji shygyrlary etrap hem-de «Mydam taýýar», "Ýash kommunist» gazetlerinde, «Tokmak» zhurnalynda çap edilýär. Ilkinji goshgular ýygyndysy «Güýjümiñ gözbashy» 1951-nji ýylda okyjylara hödürlenýär. Shondan soñ, zehinli shahyryñ kitaplarynyñ ençemesi çeper eserleriñ mushdaklarynyñ dykgatyna ýetirilýär. Onuñ «Goshgular we poemalar» kitaby (1958), «Taýmaz baba» poemasy (1960) atora uly shöhrat getirýär. Halypa shahyryñ goshgularydyr poemalary diliniñ sadadan ýeñilligi, many-mazmunynyñ biçak baýlygy, joshgulylygy, ideýa-mazmunynyñ milliligi, çuññur halkylygy bilen okyjylary özüne bendi edýär.
  • 24 сентября 2010 | 01:39 Ene mukaddesdir… 

    Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! :). Sag-aman otyrmysyñyz? Sizleriñ saýañyzda men gowy :). Bu gün köp otyryp Enelermiz hakda pikir etdim. Enemiz bolmadyk bolsa, biz bu ýagty jahany görmezdik. Enelermiz bizi 9 aý göwresinde göterip, iýmitlendirdi. Eger «dünýäde iiñ köp bergili adamyñ kim?» diýseler «Enem» diýip jogap bererdim. Enelerimizi näçe begendirsegem, az. Enelermiz bizi çagalar bagyna günde elimizden tutup äkitdi, günde egin-eshiklerimize seredishdirip mekdebe ugratdy, ýokary okuw jaýlaryna girmegimiz üçin Ene-Atamyz derläp zähmet çekdi, bizi dyrnak ýaly wagtymyzdan bashlap ep-esli bolýançak ýagny «adam» bolýançak aladamyzy edip, mähirlerini bize bagysh eden Enemizdir. Meniñ üçin iñ mukaddes zat Enem. Ene hakda mukaddes setirleri sizler bilen paýlashmak isleýän: Ene mähri hakda. Özi ene bolan zenan enäniñ ömrüni uzaldýan zatlaryñ köpüsini bilýär. * * * Dünýäde taýsyz gözellik bar bolsa, sho5 gözellik diñe ene kalby bolup biler. * * * Ynsan — gözelligiñ ashygy. Bu duýgy onuñ gözüni açyp göreninden — dünýe gözellikleriniñ iñ beýigi bolan eziz eneñ gözel görkünden gözbash alýar. * * * Dünýäde iñ mukaddes, iñ näzik zatlary bahara deñeýärler. Bahary enelere deñeýärler. Sebäbi baharam eneler ýaly owadan, eneler ýaly mähriban. Bahar eneler ýaly äleme ýashaýysh hem söýgi berýär. * * * Perzendi uly adam bolsada, enäniñ göwnüne ol henizem çaga bolup görünýär. * * * Gül miwä, söýgi mähre, yhlas myrada öwrülýär. * * * Edil enäniñ perzendiniñ didaryndan, perzendiñem eme mährinden doýmaýshy ýaly, bu dünýäniñ söýgä beslenen günlerinden doýma ýokdur. * * * «Eje, seniñ häli-shindi perzentleriñi idäp ýörshüñe men indi düshünýärin. Sebäbi indi menem eje.» * * * Her bir ene öz perzendini bagryna basanda, özüni hem ejesiniñ bagryna basyp begenendigi ýadyna düshýär. * * * Beýik ynsanyñ — enäniñ mähir-muhabbetden doly ýüregi hemishe seniñ bilen, nurdan doly gözleri bolsa hemishe seni gözleýär. * * * Göwnüme bolmasa, gelin-gyzlaryñ her bir — dünýäniñ soltany… :) Okanyñyz üçin minnetdar! Copyright © Rowshen-Jm 03.09.2010

    Теги: ene