Блог О пользователеrowshen-jm

Регистрация

rowshen-jm

  • 24 сентября 2010 | 12:09 Kompýuteriñ tizligi nämä bagly? 

    Salam hormatly agzalar we myhmanlar!


    «Kompýuterim haýallady welin, nämedenkä?» diýilýän soraga sada jogap bermek mümkin däl. Sebäbi, kompýuteriñ tizligi oña tabshyrýan ishiñiziñ «agyrlygyna» bagly bolanlygy zerarlydyr. Mysal üçin, oýun oýnalanda, haýal ishleýän kompýuter bashga ishleri ýerine ýetirende örän tiz ishläp bilýär. Shonuñ üçin soragyñ jogabyny azajyk çylshyrymlashdyrmaly bolýar.


    Haýsy hem bolsa kompýuterde tizlige täsir edip biljek 4 komponent bar. Olar «RAM» (wagtlaýyn ýat), gaty disk, prosessor hem-de wideo karta.





    1) Kompýuterde wagtlaýyn ýadyñ maksady, adyndan hem belli bolshy ýaly, garalama wezipesini ýerine ýetirmekdir. Ýagny, «RAM» gaty diskden ençeme esse çalt ishleýär. Shonuñ üçin programmalar ishledilende, maglumatlaryny «RAM»-a ýazýarlar. Eger-de, olar garalama hökmünde «RAM»-y däl-de, gaty diski ulansalar, adaty ýagdaýda 1 millisekuntda ýerine çenli wagt garashdyryp bilerler. Soñky çykýan programmalaryñ «RAM»-y has-da «agyr» ulanýandygy sebäpli bolsa, kompýuteriñiziñ «RAM»-y 2 GB-den az bolsa, onuñ ejiz ýerini tapdyñyz diýmekdir.


    2) Prosessor logiki hem-de matematiki ishleri ýerine ýetirýän komponent bolanlygy sebäpli näçe tiz bolsa shonça gowy. Üstesinede, döwrebap kompýuter üçin prosessoryñ ýadro sany ikiden az bolmaly däl, dört bolsa has gowy diýseñ bolar. Sheýlelikde, prosessoryñyz köp ýadroly bolmasa, ýa-da onuñ tizligi 2 Ghz-den az bolsa, ony çalyshsañyz gowy bolar.


    3) Gaty diskler kompýuteriñ maglumat ambary wezipesini ýerine ýetirýär. Kompýuteriñizde operasion ulgam (Windows) üçin aýratyn, öz maglumatlaryñyz üçin aýratyn iki sany gaty disk ulanjak boluñ. Ýene-de bir bellemeli zat: gaty diskleriñ «rmp»-si (içindäki diskleri minutdaky aýlanmak ýygylygy) 7200-den az bolmasyn, sebäbi käbir gaty disk öndürijiler has göwrümli gaty diskleri öndürmek maksady bilen olaryñ «rpm»-sini 5400 edýäler.


    4) Wideo karta «Windows Vista» operasion ulgamyndan öñki ulgamlarda diñe oýunlary oýnamak maksady bilen ulanylýardy. Ýöne kompýuteriñizde oýun oýnaýan bolsañyz ýa-da ulanýao operasion ulgamyñyz, «Windows Vista» ýa-da «Windows 7» bolsa ýady 1 GB-den az bolmadyk wideo kartany ulanjak boluñ.


    Ine gysgaça düshündürilishi!